Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped günine bagyşlap welosiped sport çäresini geçirdi

2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Tbilisi şäherindäki Olimpiýa sport merkezinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy, Gruziýanyň Milli welosport federasiýasy bilen bilelikde Bütindünýä welosiped günine bagyşlap welosiped sport çäresini geçirdi.

Bu welosiped sport çäresine Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri,  Gruziýanyň türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar. Welosipedli ýörişiýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri giňden ýaýbaňlandyrdylar.

Welosiped sport çäresiniň başynda, Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň kabul edilendigini bellediler. Bu taryhy waka Türkmenistanyň halkara abraýynyň hasda artmagyna we parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny ýene bir gezek äşgär etdi.

Türkmenistan welosiped sportunyň ösmegine has köp üns berýändigini bu welosiped sport çäresine gatnaşyjylar nygtap geçdiler. Ýurdumyzda welosiped sportunyň işjeň häsiýete eýe bolmagy, sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşine tutuş ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň çekilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  welosporty giň gerimde ýaýbaňladyrmak, welosipedli ýörişleriň we baýramçylyklary yzygiderli geçirmek ýaly ýörelgeleriň binýadyny tutandygyny hem-de hut özüniň bu çärä gatnaşýandygyny çärä gatnaşyjylar aýratyn belläp geçdiler.

Bu sport çäresi ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň, şeýle hem sporty ýaýbaňlandyrýandygyny we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýene bir ädim berkemegine getirýändigini welosiped sport çäresine gatnaşyjylar buýsanç bilen belläp geçdiler.