Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar

photo

Türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi köpöwüşginli dabaralar, şatlyk-şagalaň we ruhubelentlik, iň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşyladylar. Bize gadymy döwürlerden gelip ýeten köpöwüşginli folklor-etnografik çykyşlar, owadan milli lybaslar, aýdymlar hem tanslar tebigatyň oýanmagyna hem-de durmuşyň täzelenişine bagyşlanan bu gadymy baýramçylygyň çuňňur many-mazmunyny beýan etdi. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky guramasynyň bütindünýä maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni özüne dünýäniň köp halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny hem-de özboluşly däp-dessurlaryny birleşdirdi. Ol müňýyllyklaryň dowamynda medeniýetleriň ýakynlaşmagynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Onda gadymy zähmet däpleri we maşgala dessurlary aýdym-saz mirasy, häzirki zaman sungaty bilen utgaşýar hem-de haýran galdyryjy halk baýramçylygyny emele getirýär. 
 


Şu günüň esasy wakalary Mary şäherinde, köpçülikleýin medeni çäreleriň guralýan ýeri bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýyndaky meýdançada geçirildi. 2015-nji ýylda Mary şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň wezipesini ýerine ýetiren döwründe açylan bu desga şeýle binalaryň ilkinjisi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, üç müň orunlyk şeýle konsert zaly Aşgabadyň etegindäki “Nowruz ýaýlasynda” gurulýar. 

Ak öý türkmen myhmansöýerliginiň, özboluşly taryhy-medeni mirasynyň, öz köklerini we gözbaşlaryny aýawly saklamagynyň nyşanydyr. Hatda biziň günlerimizde hem diňe bir oba ýerlerinde däl, eýsem, şäherlerde hem türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň ulanan ak öýlerine duş gelmek bolýar. Häzirki wagtda olary uly baýramçylyklarda aýdyň etnografik bezeg hökmünde dikýärler. 

Ägirt uly ak öý hökmünde gurlan bina (diametri 70 metr, beýikligi 35 metr) daşyndan täsin görünýär. Ol adaty ýaşaýyş jaýynyň keşbini ýatladýar. 

Nowruz baýramy mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, köp sanly ýerli ýaşaýjylar we ähli welaýatlaryň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar. Myhmanlaryň hatarynda žurnalistler, syýahatçylar we beýlekiler bar. Mary şäheriniň howa menzilinde baýramçylyga gelenleri toý pişmeleri, däp bolan milli süýji nygmatlar we miweler bilen garşyladylar. 

Ähli ýerde hakyky türkmen toýy ýaýbaňlandyryldy. Dürli reňkli toý baglary hem-de baýdaklar bilen bezelen ýoluň ugrunda ak öýler dikildi, olaryň öňünde gelin-gyzlar el işleri bilen meşgullanýarlar, ýüň egirýärler, haly dokaýarlar, keçe taýýarlaýarlar ýa-da gazanlarda nahar taýýarlaýarlar. Bu ýerde sazandalar, aýdymçylar, tansçylar çykyş edýärler. Türgenler — başa-baş söweş sungatynyň wekilleri, akrobatlar, pälwanlar we beýlekiler öz ussatlygyny görkezýärler. Eli baýdakly atlylar ahalteke bedewleriniň üstünde çapyp barýarlar. 
 


Köşekli düýe, beýleki öý haýwanlary hem oba durmuşynyň özboluşlylygyny alamatlandyrýarlar. Aňyrrakda ýaşyl öwüsýän bugdaýly meýdanlar we beýleki ekinler ekilen meýdanlar, şeýle hem gülläp oturan miweli baglar görünýär. Mary welaýatynyň ekerançylary dürli ekinlerden bol hasyl alyp, ýylyň bütin dowamynda azyk bolçulygyny üpjün edýärler hem-de saçaklarymyzy naz-nygmatdan doldurýarlar. 

Özboluşly bezelen derwezäniň aňyrsynda gündogar ertekisindäki ýaly täsin şäherjik ýaýylyp gidýär. Ýaşyl bugdaý maýsalaryndan ägirt uly harplar bilen “Nowruz — 2017” diýlip ýazylypdyr. 

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýynda, açyk asmanyň astynda giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergini amaly-haşam sungatynyň eserleri, suratkeşleriň, halk senetleriniň ussatlarynyň eserleri, halylar, şaý-sepler, at esbaplary, türkmenleriň durmuşda ulanýan zatlary hem-de gadymy zähmet gurallary düzdüler. Çünki gije-gündiziň deňleşýän bahar baýramy ekerançylyk senenamasynda aýratyn orun eýeläp, meýdan işleriniň hem-de täze oba hojalyk ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. 

Bu ýerde köp sanly ak öýli, tagta sekili, öý haýwanlary ýerleşdirilen agylly uly türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy. Ol köpöwüşginli söwda nokatlarynyň ençemesini özünde jemleýän gündogar bazary bilen aýratyn sazlaşyk döretdi. Şadyýan jarçylar hemmeleri Nowruz mynasybetli toýa çagyrdylar, bu ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. 
 


Döredijilik toparlary, aýdymçylar, sazandalar we folklor toparlary dabara gatnaşyjylary joşgunly aýdym-sazlar we tanslar bilen mübärekleýärler. Çagalar hormatly myhmanlary labyzly goşgular hem-de şadyýan aýdymlar bilen garşylaýarlar. Çagalar halk oýunlaryny ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezýärler, oglanlar aşyk oýnaýarlar, gyzjagazlar bolsa öz gurjaklary bilen gümra bolýarlar. Dört aýakly “gahrymanlar” — enaýyja alabaýyň güjükleri hem-de guzujyklar we beýlekiler toý sahnasynyň özboluşly bezegine öwrüldi. 

Köpöwüşginli lybaslary we ajaýyp gül desseleri uly mähelleli dabara özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu ýere gelenleriň hemmesine baýramçylyk nygmatlary hödürlenilýär. 

Ýurdumyzyň her bir sebiti aýdym-sazly we etnografik çykyşlary, sergileri hem-de dürli dessurlary, Nowruz baýramyna taýýarlyk görülýän hem-de bu baýramçylygyň garşylanýan pursatlaryny, gadymy döwürlerde ýaşan ata-babalarymyzyň ekerançylyk bilen meşgullanyşyny beýan edýän sahnalary öz içine alýan çykyşlary taýýarlady. 

Gijäniň gündiz bilen deňleşýän, baharyň öz hökmüni ýöredip başlaýan döwründe nobatdaky meýdan işleri, ekerançylaryň iş-aladalary hem-de umyt-arzuwlarynyň döwri başlanýar. Oba hojalyk dessurlarynyň köpüsi hut şu döwür bilen baglanyşyklydyr. 

...Bu ýerde uly jykyryň çarhy aýlanyp dur. Gadym döwürlerde biziň ata-babalarymyz ekin meýdanlaryny, baglary, üzüm ekilen meýdanlary we bakjalary şu usulda suwarypdyr. Jykyryň golaýynda ýene-de bir enjamy — juwazy — ösümlik ýagyny almak üçin niýetlenen agaçdan ýasalan gysyjy enjamy görmek bolýar. Bu enjam düýäniň aýlawly hereketi bilen işledilýär. Ata-babalarymyz şeýle usulda pagta çigidinden, jöwenden we beýleki ekinlerden ýag öndüripdirler. Şeýle hem bu ýerde geçen asyrlarda ulanylan orlan bugdaýyň döwlüşini görmek bolýar. 
 


Kimdir biri azal ýasaýar, beýleki biri bolsa saz gurallaryny taýýarlaýar, söwdagärler telpek we tahýa satýarlar, dürli öwüşginli ýüpek matalar, owadan bezelen küýzeler we gap-gaçlar gözüňi dokundyrýar. Olaryň golaýynda täsin halylar hem-de şaý-sepler, milli nagyşlar bar. Bagşylaryň ýerine ýetirýän halk aýdym-sazlary bu dabara ýakymly öwüşgin çaýýar. Myhmanlaryň köpüsi olaryň ýerine ýetirýän sazlaryny lezzet alyp diňleýärler. 

Hut bagşy-sazandalar hemişe mähriban halkymyzyň kalbyndaky duýgulary beýan edijiler hasaplanylypdyr. Hut halk aýdymy ata-babalarymyzyň tejribesini aýawly saklamagyň we geçirmegiň usuly, dünýä we adam hakyndaky bilimleriň çeşmesi bolupdyr, ol geçmişi we häzirki döwri birleşdiripdir we öňe tarap alyp gidipdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitabynda ýazýar. Bu kitapda öňe sürülýän pikir Nowruz baýramçylygynyň many-mazmuny bilen sazlaşýar. 

Bu ýerde gadymdan gelýän usullar we tehnologiýalar esasynda milli tagamlaryň, şol sanda Nowruzyň esasy tagamy bolan semeniniň taýýarlanylyşyny, dürli toý we maşgala dessurlarynyň berjaý edilişini görmek bolýar. Bu sahnalaşdyrylan çäreleriň ählisi aýdym-sazlar, nakyllar hem-de atalar sözleri bilen utgaşdyryldy. 

Türkmenistanyň meşhur taryhy ýadygärlikleriniň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Dehistanyň, Änewiň we beýlekileriň baýramçylyk meýdançasynda ýerleşdirilen uly şekilleri gadymy döwürlere gyzykly gezelenji amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 

Ine, beýik Seljuk hökümdary Soltan Sanjaryň kümmetiniň nusgasynyň golaýynda müneçjimiň obserwatoriýasy, onuň syn ediş dürbüsi we beýleki enjamlary, düýrlenen golýazmalar ýerleşdirilipdir. 

Obasenagat toplumynyň, dokma önümçiliginiň we beýleki ulgamlaryň önümlerini görkezýän sergide häzirki Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri beýan edilýär. Çörek önümleriniň köp görnüşleriniň arasynda ýüzünde gutlag ýazgysy ýazylan ägirt uly çörek görenleri haýran galdyrdy. 
 


Aziada — 2017-niň nyşanlary şekillendirilen dokma önümleri — çagalar we sport lybaslary, sowgatlyk önümler ünsüňi özüne çekýär. 

Çeperçilik sergisi bahar gözelligine, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyna, onuň nazy-nygmatlaryna we tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýan adamlara bagyşlanýar. Sergide ussat suratkeşleriň eserleri, şeýle hem türkmen halkynyň döredijilik däplerini ussatlyk bilen dowam etdirýän ýaş suratkeşleriň işleri ýerleşdirilipdir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndan getirilen suratlaryň üsti Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň hem-de ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döredijilik işleri bilen ýetirildi. 

Adamlaryň baýramçylyk gezelençleri şol ýerde gazanlarda taýýarlanylan tagamlary hödürlemek bilen utgaşdyryldy. Gazanlaryň golaýynda üsti dürli tagamlardan we naz-nygmatlardan doldurylan stollar goýuldy. Şol tagamlaryň ählisinden dadyp görmek bolýardy we myhmanlar milli tagamlardan uly höwes bilen datdylar. Nahardan soň düýe çalyny ýa-da açyk otda tüňçede gaýnadylan gök çaý içip bolýar. 

Daýhanlarymyz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen hem-de bu ýerde hödürlenen dürli görnüşli gök önümler we miweler türkmen saçagynyň berekedini hem-de mähriban topragymyzyň sahawatlylygyny görkezýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltlik ensiklopedik işinde beýan edilen türkmeniň dermanlyk ösümlikleri ýerleşdirilen diwarlyklar hem bar. Şol ösümliklerden jana şypaly dermanlar hem-de ýakymly çaý taýýarlanylýar. 

Aýry-aýry pawilýonlarda ussalaryň işine syn etmek we saz gurallaryny taýýarlamagyň syrlaryny bilmek bolýar ýa-da geçmişde zergärlerimiziň öz ajaýyp önümlerini nähili usulda taýýarlandyklaryny görmek bolýar. Zergärlerimiziň ussatlygy netijesinde milli zergärçilik sungaty tutuş Gündogarda meşhur bolupdyr. 

Zergärleriň ýanynda agaç ussalary işleýärdiler. Olar durmuşda ulanylýan täsin we owadan zatlary ussatlyk bilen taýýarlaýarlar. Özlerine miras galan senedi gaýtadan dikelden demir ussalary hem olardan pes galarly däldi. Çünki gadym döwürlerde her bir obada önümçilik toplumlaýyn ösüpdir. Durmuşda ulanylýan, oba hojalygyny ýöretmek ýa-da daş-töweregi bezemek üçin zerur bolan zatlaryň ählisini senetçileriň özleri taýýarlapdyrlar. 
 


Agaçdan gap-gaçlary, demir önümlerini, içmekleri, telpekleri, bagana telpeklerini, donlary we beýleki egin-eşikleri taýýarlaýan ussalaryň işine hem uly sarpa goýulýar. Kädileri çeperçilik taýdan bezemek usullarynyň haçan peýda bolandygyny göz öňüne getirmek kyn, ýöne häzirki döwürde ol amaly-haşam we bezeg sungatynyň meşhur görnüşleriniň biri bolup durýar. Adam şekilinde bezelen we ýüzüne dürli suratlar çekilen kädiler daşary ýurtly syýahatçylarda meşhur sowgatlyk hökmünde uly islegden peýdalanýar. 

Türkmen halyçylyk sungatynyň halk senetleriniň arasynda iň meşhurlarynyň biridigi şübhesizdir. Däp-dessurlaryň özboluşly etnografiki festiwalynda hatda ajaýyp halylaryň nähili tutanýerli zähmet bilen döredilýändigini hem görmek bolýar. Uzak wagtlap özüniň ilkibaşdaky görnüşini we berkligini saklap galýan owadan keçeleriň taýýarlanylyşyny synlamak bolýar. 

Daş-töwerekde gadymy däp-dessurlar janlanýar, milli oýunlar we bäsleşikler ýaýbaňlandyrylýar, folklor äheňindäki sahnalar goýulýar, umuman, hemme ýerde şatlyk-şagalaň emele gelýär. 

Marydaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylan gününden bäri geçen bir ýarym ýyldan hem az wagtyň dowamynda bu ýerde, öňki boş ýatan ýerde eýýäm ak mermerli binalaryň ençemesi peýda boldy. Olaryň hatarynda telekeçileriň hem-de oba kärendeçileriniň önümlerini ýerlemek üçin gurlan söwda merkezleri we bazar bar. Şu günki baýramçylyga dürli agaçly uly bolmadyk bag hem özboluşly öwüşgin çaýdy. Şol agaçlar damjalaýyn usulda suwarylýar. 

Biziň günlerimizde Nowruzy gözbaşlara gaýdyp gelmegiň baýramçylygy diýip ýöne ýerden atlandyrmaýarlar. Ol bize hemişe täzelenişi peşgeş berýär, tutuş dünýäniň sazlaşygyny hem-de tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy öwrenen parasatly ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyny duýmaga mümkinçilik berýär. 
 


Göwnejaý bezelen hem-de ýaşlar tarapyndan daş-töweregi gurşalyp alnan belent hiňňildiklerden şadyýan sesler eşidilýär. Hiňňildiklerde uçmak ruhy taýdan päkleýän dessur hasaplanylýar. Bu dessur täze ýyla täze güýç-gaýrat hem-de kalby päklik bilen gadam basmaga mümkinçilik berýär. 

...Soňra “Türkmeniň ak öýüniň” sahnasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Dabarany alyp baryjylar ýygnananlary mähirli mübärekläp, Nowruzyň taryhy barada ýatlatdylar. Ol 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy dünýäniň ýurtlarynyň bir toparynyň başlangyjy boýunça kabul edildi. Şol döwletleriň arasynda Türkmenistan hem bar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagy okaldy. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu baýram dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem özboluşly medeniýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini şöhlelendirýär. 

Gözbaşyny adamzadyň köpasyrlyk taryhyndan alyp gaýdýan Nowruz baýramy bu gün halklaryň arasynda özara düşünişmegi, birek-birege hormat goýmagy we agzybirligi berkitmäge ýardam edýär diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda nygtalýar we hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edilýär. 

Konsert haýran galdyryjy sahnalaşdyrylan kompozisiýa bilen açyldy. Onuň barşynda ägirt uly monitorlarda türkmen topragynyň, mähriban tebigatymyzyň, bahar ýaýlalarynyň gözelligi barada gürrüň berýän şekiller görkezildi. 
 


Tebigatyň ajaýyp görnüşlerine beslenen özboluşly sahna çykyşy tamamlanandan soň, deprekçileriň joşgunly çykyşy ýaýbaňlandyryldy. Gadym döwürlerde deprekçileriň toý dabaralaryny hem-de köpçülikleýin baýramçylyk çärelerini açandygy tötänden däldir. Olar adamlaryň güýç-kuwwatyny artdyryp, ruhuny göteripdir. 

“Bagtyýarlyk bahary ýaň salsyn dünýä, Arkadagym bilen öňe, biz öňe!” atly baýramçylyk aýdymy hem hut şeýle ruhubelentlikde ýaňlandy. 

Her bir aýdymyň öňüsyrasynda edebi, aýdym-sazly we folklor-etnografiki kompozisiýalaryň ýerine ýetirilmegi bu konsertiň aýratynlygyna öwrüldi. Şol kompozisiýalar bolsa milli däp-dessurlaryň çuňlugyny we baýlygyny, olaryň dowamatlylygyny açyp görkezdi. 

Gadym döwürlerde Nowruz baýramy toýlara hem badalga beripdir. Şol toýlaryň halk dessurlaryny “Türkmeniň ak öýüniň” sahnasynda hem görmek boldy. 

Dabaranyň maksatnamasyna liriki halk aýdymlary hem-de dessanlardan bölekler, belli türkmen kompozitorlarynyň meşhur eserleri we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän häzirki zaman aýdymlary girizildi. 

“Mirasym — hazynam” ady bilen tomaşaçylara meşhur aýdymlaryň birnäçesi, şol sanda meşhur türkmen kinofilmlerden aýdymlar hödürlenildi. 
 


Meşhur halypa we ýaş ýerine ýetirijileriň — “Ýaňlan, Diýarym!”, “Ýylyň parlak ýyldyzy” aýdym-saz bäsleşikleriň ýeňijileriniň çykyşlary köpöwüşginli baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy, asyrlaryň jümmüşinden ýetip gelen aýdym-sazlar biziň günlerimiziň estrada owazlary bilen utgaşyp gitdi. 

Baýramçylyk konsertine meşhur aýdymçylardan başga-da, “Laçyn”, “Meňli”, “Galkynyş”, “Dehistan” folklor we tans toparlary we beýlekiler gatnaşdylar. 

Ýurdumyzyň çäginden daşda-da meşhur bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary “Gyratym girse meýdana” diýen köpöwüşginli çykyşyny hödürledi. “Türkmeniň ak öýünde” başarjaň türkmen jigitleri ajaýyp bedewlerde sazyň astynda özleriniň gaýtalanmajak ussatlygyny görkezip, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. 

Tomaşaçylara özboluşly horeografiki kompozisiýalar hem-de aýdym-sazly çykyşlar hödürlenildi, olarda milli medeniýetimiziň özboluşly aýratynlyklary öz beýanyny tapdy. Bu döredijilik çäresi gadymy Nowruzyň ajaýyp däpleriniň häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýändigine, biziň mirasymyzyň bolsa häzirki nesiller bilen berk baglanyşyklydygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Gadymy küştdepdi tansy nobatdaky gezek tomaşaçylary haýran galdyrdy. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Mirasyma sarpam bar!” atly aýdym joşgun bilen ýerine ýetirildi. Onda baýramçylygyň özboluşly filosofiýasy öz beýanyny tapdy. 
 


Nowruz mynasybetli dabaralar “Bagt köşgüniň” ýanyndaky “Toý mekanynda” dowam etdirildi, bu ýerde toý sadakasy berildi. 

Dabaralar agşam çagy “Türkmeniň ak öýüniň” golaýyndaky meýdançada tamamlandy. Şonda öňden gelýän dessur berjaý edilip, şaman ody ýakyldy we aýdym-sazyň owazynyň astynda folklor toparlaryna gatnaşyjylar hem-de isleg bildirýänleriň ählisi oduň üstünden böküp geçdiler. Gadym döwürlerden biziň ata-babalarymyz oduň üstünden böküp, bu dessuryň olara şowlulyk we abadançylyk getirjekdiklerine ynanypdyrlar. Oduň üstünden bökmek dessury ruhy taýdan arassalanmagy, şeýle hem ýaşaýyş we ýagtylyk peşgeş berýän günüň aýlanýandygyny alamatlandyrýar. 

Asyrlar we müňýyllyklar geçýär, ýöne taryhy sepgitlerden geçip gelen bu baýramçylyk türkmen halkynyň durmuşynda häzir hem uly ähmiýete eýedir. Ol hemişe öwşün atýan merjen bolmagynda galmak bilen, bize gözellik hem-de hoşniýetlilik şatlygyny paýlaýar, dostluga, doganlyga, bütewülige, täze üstünliklere çagyrýar. 

Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde we Aşgabat şäherinde, şol sanda açyk meýdançalarda we seýilgählerde, köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde hem baýramçylyk konsertleri we köpçülikleýin medeni çäreler geçirildi. 
 


Gadymy filosofik garaýyşlardan gözbaş alýan hem-de türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň ulgamynda möhüm orun eýeleýän bu ajaýyp baýramçylyk mähriban halkymyzyň taryhynyň şanly ýylýazgysynyň täze eýýamynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Nowruz halkymyzyň ruhubelentliginiň, zähmet joşgunynyň aýdyň beýanyna öwrülip, ösüşiň has belent sepgitlerini eýelemäge çagyrýar, biziň kalbymyzda gülläp ösýän eziz Watanymyza, bagtyýar döwrümize we ýagty geljegimize bolan buýsanç duýgusyny oýarýar hem-de has-da berkidýär.