TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Baş sekretary B.Amreýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde Türki geňeşiň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler, bu bolsa tutuş sebitde ykdysady hem-de medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýändir.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny mälim etmek bilen, Geňeşiň alyp barýan işiniň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň saklanylmagyna oňyn täsirini ýetirýändigini nygtadylar.