RLDP-niň ýolbaşçysy W.Žirinowskiý mähirli garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi

Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň fraksiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskiý hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat ýollap, Türkmenistanda RLDP-niň wekiliýetiniň mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

“Biziň Türkmenistanda kabul edilişimiz ýaly myhmansöýerlige we hoşniýetlilige dünýäniň başga hiç bir ýurdunda duş gelmek mümkin däl. Siz-hakyky Prezident, öz halky we ýurdunyň ösüşi barada alada edýän hakyky ýolbaşçy! 

RLDP-niň wekiliýetiniň kalby Size we türkmen halkyna hormat-sarpa duýgusyndan doludyr. Bu sapar biziň ýadymyzda hemişelik galar. 

Size berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine täze üstünlikler arzuw edýäris” diýilip Wladimir Žirinowskiniň hatynda aýdylýar.