Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Gruziýanyň Prezidentine çakylyk hatyny gowşurdy

2020-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda «Orbeliani» Prezident köşgünde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Muratowyň Gruziýanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti S. Zurabişwili bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýanyň Prezidentiniň adyna ýazan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyna çakylyk hatyny gowşurdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orny barada belläp geçdiler.
Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary barada gürrüň etdiler.