Tbiliside Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp brifing geçirildi

2020-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirdi.
Brifinge Gruziýanyň «TV-24», «Georgian Business Consulting Group» neşirýat toparynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Резонанс» gazetleriniň we Gruziýanyň beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ilçisi D.Muratow öz çykyşynda bitaraplygyň hukuk derejesi türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilikli däpleriniň ýüze çykmasydygyny hem-de halkara hukuk ulgamynda täsinlik hasaplanýandygyny belledi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň agza ýurtlarynyň 185-siniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi tutuş dünýäniň syýasy durmuşyna oňyn täsirini ýetiren döwrüň wakasyna öwrüldi. Şol Kararnamanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda gaýtadan kabul edilmegi, şeýle hem 2017-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG- niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip, resmi taýdan yglan eden Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyga geosyýasy bähbitleri utgaşdyrmagyň guraly, sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de netijeli esasda ösen gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde garaýar.
Şeýle hem brifinge gatnaşyjylary Türkmenistanda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edilendigi barada habarly edildi.
Brifingiň dowamynda Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özüniň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilendigini uly höwes bilen bellediler.
Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri brifingi gurandygy we geçirendigi üçin Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasyna minnetdarlyk bildirdiler hem-de Türkmenistanyň halkyny şanly sene bilen gutladylar. Çäräniň soňy myhmanlara türkmen milli tagamlaryny hödür kerem etmeklik bilen tamamlandy.