Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Tbilisiniň merkezinde wideofilm görkezildi

2020-nji ýylyň 18-nji martyndan Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy, Tbilisiniň merkezinde, Tbilisi konsert zalynyň öňünde ýerleşdirilen uly monitorda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli wideofilm goýberdi.

Wideofilmde Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary, şeýle hem syýasat, ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy, medeniýet, sungat we sport ugurlarynda ýetilen uly üstünlikleri görkezilýär. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi. 2020-nji ýylyň şygary ynsanperwer ýörelgeler bilen üznüksiz bagly bolup, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Milli Liderimiz adamzat ösüşiniň ählumumy ösen meýillerine doly derejede kybap gelýän dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň özboluşly görnüşini işläp düzdi.

Bu hödürlenen wideofilmiň kömegi bilen, gruzin halky, paýtagtyň myhmanlary, Türkmenistan barada has köp zat öwrenmäge mümkinçilik alar. Wideofilm Milli bahar baýramynyň soňuna çenli görkeziler.