Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de nebit ýol bitumyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýanyň we BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň polipropilenini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Rusiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan gelen telekeçilere daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah mata, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 576 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan gelen işewürler jemi bahasy 223 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 35 million 831 müň manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni hem-de haly önümlerini satyn aldylar.