AÖB-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň Direktory Çang Çing Ýu bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda geljegi uly t täze aslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň meselelerine seredilip geçildi.  

Häzirki pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, taraplar CОVID-19 durmuş-ykdysady ulgama ýetirýän täsiriniň peseldilmegi boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler. Bu ugurda Türkmenistanyň ýurtda hem-de tutuş sebitde durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagy boýunça hereketleri nygtalyp geçildi.

Mundan başga-da taraplar iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanan hususy telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalara we maksatnamalara hem giňişleýin seredip geçdiler.