Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Bireleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, yşyklandyryş kerosinini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Polietilen (Türkmengaz DK) Russiýanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleriniň geleşikleriň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplükler ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar Russiýa we Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 20 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Kanadadan gelen telekeçiler hem jemi bahasy 244 müň 800 manatlyk nah ýüplük satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykdaky polietileni (“Türkmengaz” DK), pagta süýümini we el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 41 million 196 müň manatdan gowrak boldy.