Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumyny satyn aldylar. Russiýadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük Russiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň işewürleriniň geleşikleriniň esasy ugry boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 895 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Kanadadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 217 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 35 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni, pagta süýümini, pagta lintini satyn aldylar.