Täze okuw ýylyna taýýarlyk tamamlanyp barýar

Okuwçylaryň tomusky dynç alşy, şonuň bilen birlikde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri-de tamamlanyp barýar. Ýurdumyzyň okuw edaralarynyň ählisinde abatlaýyş işleri geçirildi, olar zerur esbaplar we enjamlar bilen üpjün edildi, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary kämilleşdirildi.

12 ýyllyk umumy orta bilim Konsepsiýasyna, bilimi sanly ulgama geçirmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek ulgamyna laýyklykda, mekdeplerde okuw işine täzelikler giriziler. Multilingwistik taýýarlyk, sanly ulgamlaryň işjeň ulanylmagy, mekdeplerde tehniki we tehnologik ugurlardan synplaryň açylmagy – döwrebap bilim gurşawyny kemala getirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Adatça Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp täze binalar açylýar. 2020-2021-nji okuw ýylynda hem şeýle bolar. Hususan-da, türkmen paýtagtynda ýöriteleşdirilen 21-nji mekdep açylyp, onda käbir dersler rus we iňlis dillerinde alnyp barlar. Mundan başga-da, bu ýerde maglumatlar tehnologiýalaryny öwrenmäge uly üns berler.

Dürli gurnaklarda, bölümlerde meşgullanmaklary, şeýle hem halaýan dersi boýunça goşmaça sapak almaga mümkinçilik okuwçylaryň intellektual we döredijlik zehininiň açylmagyna ýardam eder. Terbiýeçilik işinde bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine, çagalary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga çekmeklige möhüm orun berler, munuň üçin taslamasy ýokary ölçeglere laýyklykda taýýarlanan we gurlan täze mekdepde ähli zerur şertler döredilipdir.

Täze okuw ýylynda paýtagtymyzyň 85-nji orta mekdebinde okuwçylar 5-nji synpdan başlap italýan dilini öwrenerler. Şunuň bilen baglylykda,Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 5-nji synp okuwçylary üçin okuw kitabyny we oňa goşmaça iş depderini çykarandygyny bellemek gerek.

Paýtagtymyzyň 49-njy mekdebinde täze ugurlaryň ikisi – matematika we iňlis dili boýunça ýöritieşdirilen synplar peýda bolar. Biz şu synymyzda diňe paýtagtyň mekdeplerine degip geçdik, umuman pedagogik täzelikler, bilim bermegiň sanly binýadynyň giňeldilmegi we ugurdaş synplaryň döredilmegi – ýurduň umumybilim berýän edaralaryny ösdürmäge alnan ugurdyr.

Ýaşajyk türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgesine we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine çekmek boýunça wezipäni durmuşa geçirmek jähtinden ýurdumyzyň mekdeplerinde sapaklaryň tertibinde Bedenterbiýe güni peýda bolar. Her şenbede irden köpçülikleýin ertirki maşklar, sapaklar tamamlandan soň bolsa, sportyň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikler ýa-da ýaryşlar, işjeň oýunlar we beýleki sagaldyş çäreleri guralar.

Okuw işine täzelikleriň girizilmegi hem ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy hakda alada bilen baglanşyklydyr. Wirus ýokanjynyň öňüni almak maksady bilen her sapakda synpda 15 okuwçy bolar. Degişlilikde okuw sagatlary-da azaldylyp: 1-nji synp okuwçylary 25 minuda, 2-4-nji synpdakylar – 30 minuda, ýokary synp okuwçylary 35 minuda çenli okarlar. Okuw stollary zerur aralyk saklanylyp, küşt tagtasy görnüşinde bolar. Mekdebe girenlerinde çagalaryň gyzgyny ölçeler, ellerine zyýansyzlandyryjy serişde sepiler. Şahsy gigiýenanyň düzgünlerine eýermegiň zerurlygy barada düşündiriş işlerine uly üns berler.