Malaý käninde gysyjy kompressor bekedi işe girizilmäge taýýarlanylýar

Lebap welaýatyndaky Malaý gaz käninde tiz wagtda kuwwatly gysyjy kompressor bekedi işe giriziler. Ony gurmak boýunça işleriň aglaba bölegi ýerine ýetirildi. Bekediň taslama kuwwatlylygy – ýylda 30 milliard kub metr gazy gysyp çykarmaga niýetlenendir.

Türkmenabat şäherinden 80 kilometr uzaklykda Garagumda ýerleşýän Malaý käni indi 20 ýyl bäri senagat taýdan işlenilip gelinýär. Şu ýyllarda gaz çykaryjy toplum diňe bir ilatly ýerleri, şeýle hem ýurdumyzyň gündogar sebitiniň dürli ähmiýetli binalaryny «mawy ýangyç» bilen üpjün etmän, eýsem ençeme milliard kub metr gazy eksport turba geçirijisine-de iberdi. Elbetde, känden gaz çykaryldygyça onuň gatlak basyşy-da peseldi.

Ýangyç alnyşyny durnuklaşdyrmak üçin «Türkmengaz» Döwlet konserninde gaz çykaryş kärhanasynda gaz çykarmagyň gatlak basyşyny we ýangyjy nasosly çykarmagy ýokarlandyrmaga niýetlenen döwrebap gysyjy kompressor bekedini gurmak karar edildi. Häzirki wagtda bu ugurda dünýä belli öndürijilerden satyn alnan GKB-ni döwrebap kompressor desgalary we beýleki tehnologik hem-de kömekçi enjamlar bilen üpjün etmek işleri geçirilýär.

Önümçilik işleriniň ähli tapgyrlaryny dolandyryş we olara gözegçilik sanly tehnologiýalar arkaly amala aşyrylar.