Keramikaçy Gülýara Babaýewa: döredijiligi, maşgalasy we dowamatlyk hakda

Men ilkinji gezek Gülýara Babaýewanyň işleri bilen sergileriň birinde tanyşdym. Ýaş nakgaşyň žiwopis eserleri akýürekliligi we kreatiw awtorlyk tilsimi bilen özüne bendi edýärdi. Meniň olar barada öwgüli sözlerimi eşidenleriň biri onuň keramiki işleri bilenem tanyşmagy maslahat berdi. Dogrusy, men olara ýaş nakgaşyň güýmenjesidir öýdüp kän bir ünsem bermändim.

Aslynda welin bar zat tersine ekeni: Gülýara Babaýewa – keramikaçy, žiwopis kompozisiýalary bolsa – döredijilik synaşyklary eken. Nepis, inçelik bilen ýasalan keramiki işleri Gülýarany belli etdi. Ýöne ol çaga döwri lukman bolmagy arzuw edendigini meniň bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

-Ejem kiçi synplar mugallymy bolansoň, men onuň görkezme esbaplaryny bezemäge kömek ederdim - Gülýara gürrüň berýär. – Ejemiň kärdeşleri: «Gyzyňyz zehinlije, ol nakgaşlygy okasyn» - diýýärdiler. 1998-nji ýylda men Türmenabadyň çagalar çeperçilik mekdebine okuwa girdim, bu ýerde mugallymlarym Tatýana Waslýewna Ostaşowa bilen Wiktor Mihaýlowiç Petrow meniň üçin sungatlar dünýäsini açdylar.

Şeýle bolsa-da, orta mekdebi tamamlanymdan soň Aşgabada lukmançylyk institutyna girmäge gaýtdym, ýöne alan bahalarym okuwa girmäge ýetik bolmady. Gaty gynandym. Şondan kän wagt geçmänkä doganym awtomobil heläkçiligine uçrady. Ondan gan gidenini görüp, men çaşypdyryn, «tiz kömek» hassahana ikimizi bile äkitdi. Doganym çalt aýak üstüne galdy, menem duýgurlygymyň lukman bolardan ejizdigini aňdym.

Bir gezek telewizion gepleşikleriň birinde keramikaçynyň nakgaşyň toýundan dürli heýkelleri ussatlarça ýasaýşyny görüp, meniňem ony ýasasym geldi. Kakamyň maslahaty bilen toýuny mellekden aldym, ýöne ondan heýkel ýasamak kyndy, pytrap durdy. Onsoň Tatýana Wasilýewna kömege geldi. Ol işlenilýän ýörüte toýun bilen tanyşdyrdy, adaty aşhana pejini keramikaçylaryň ulanýan pejine derek ulanýardym. Toýun işlän adamlar onuň onuň ýumşakdan özüne çekijiligini bilýändirler. Ol nakgaşyň özünden näme isleýändigini bilip, oňa kömek etjek bolýar.

Çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky çeperçilik uçilişşesine diňe dördünji synanşykdan soň girdim. 2000, 2001-nji ýyllarda stanok žiwopisçileri, 2002-nji ýylda heýkeltaraşlar, diňe dördünji gezek 2003-nji ýylda keramikaçylar bilen okuwa synanyşdym. Soňky, aýgytlaýjy synagy, geljekkki ýanýoldaşym, Türkmenistanyň halk nakgaşy Saragt Babaýew kabul etdi. Ol maňa dörtlük baha goýdy, okuwa girmek üçin bäşlik gerekdi...

2003-nji ýylda men ahyrsoňy uçulişşäniň keramika bölümine okuwa girdim, birinji ýyl talyplaryna talyplyk biletlerini... Saragt Babaýew gowşurypdy. Arzuwyma uzak garaşdyran rugsatnamany onuň elinde alanymda: «Siz meniň zehinime kembaha garadyňyz, şonda-da men okuwa girdim!» - diýesim geldi. Aýtjagym ýüzüme çykan borly. Ol:

-Henizem öýkeläp ýörmüň? – diýip ýylgyrdy.

-Hawa...

-Bile okaýan ýoldaşlaryň bilen ussahanama gel, men mugtuna «agşamky surat» sapagyny berýän. Elbetde, biz çakylygy kabul etdik, çünki ussatdan sapak almak bagtyň çüwdügidi.

Wagtyň salymy ýok, 2007-nji ýylda uçilişşäni tapawutlanan diplom bilen tamamladym. Soň bir ýyllap Türkmenabadyň umumybilim berýän 16-njy mekdebinde işledim, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna okuwa girdim.

Şol döwre çenli men Türkmenistanyň Nakgaşalr birleşiginiň agzasy boldum. Akademiýada okan ýyllarym meni belli bir derejede Saragt Babaýewe ýakynlaşdyrdy, çünki onuň gyzydyr giýewsi Bahar hem Baýram Annagulyýewler meniň mugallymlarymdy. Biz ýygy-ýygydan görüşýärdik, gürleşýärdik, tiz wagtdan meniň oňa hormat-sarpam diňe bir nakgaşyň şahsyýetine hormatym bolman, eýsem söýgümemdigine düşündim, gowy ýeri, duýgylarymzy bir-birine sazlaşyp, biz maşgala gurduk.

«Tumar» diýen keramiki şekil meniň diplom işimdi... Gadymy sene ýazgylaryna laýyklykda, pars şasy Kir II ähtiýalanlyk bilen skif topragyna çozup, patyşa zenan Tumaryň (Hrabraýyň terjimesinde – Tomirisiň) ogly Spargapisi ýesir alýar we heläk edýär. Edermen şa aýal öz goşuny bilen duşmany kül-peýekun edýär we zalym şany öldürip, oglunyň aryny alýar... Meniň hyýalymda owadan amazonkanyň we balasyny söýýän enäniň keşbi janlandy, men ony toýunda şekillendirip, ýokary baha mynasyp boldum.

Indi özüm akademiýada sapak berýärin. Zehinli talyplarymyň altysy diplom işini taýýarlaýarlar, men olaryň üstünligine buýsanýaryn. Okuwy ýanýoldaşymyň: «Hudaý tarapyn her adama bary-ýogy ýeke göterim zehin berilýär, galany – zähmet bilen erjellik. Halypa bolsa – kömekçi we ruhlandyryjy» - diýen sözlerinden başlaýaryn.

Ýokary çeperçilikli, mähir çaýýan eser döretmek üçin toýun taýýarlamakda: ony garmakda, näçe we nahili komponentleri goşmakda her keramikaçynyň öz usuly bar... Özümiň kiçijik laboratoriýamda talyplarym bilen toýun ýasamagyň ýollaryny gözleýäris. Gadymy kitaplardan, internetden her hili usullary agtarýarys, komponentlerini üýtgedip görýäs. Menem talyplarym bilen birlikde höwes bilen öwrenýärin, özüm üçin nämedir bir täzelik açýaryn.

Keramika üçin toýuny we syrçany ekologiýa taýdan arassa etmek meiniň arzuwym. Munuň üçin zäherli gurşuna derek aýratyn usulda basgylanan sorokokoren ösümliginiň külüni ulanmakçy. Häzir täze tehnologiýanyň ýarym ýolunda.

Gülýara ýene-de – keramiki işleriň ýakyn döwürde boljak sergileriniň birinde öz eserleri bilen birlikde ogly Ballynyň toýundan ýasan kiçijik heýkeljikleriniň we ekletiki stilde döreden özboluşly kompozisiýalarynyň goýulmagyny arzuw edýär.

Maşgalada ýene bir nakgaşyň düýnä inendigine hiç hili şübhe ýokdy: Bally alty aýlykka emedekläp reňkleriň we toýunyň ýanyna barardy. Indi Bally 14 ýaşynda. Sergi merkezine gelenler eýýäm onuň zehinli işleri bilen tanyşdylar. Žiwopisiň awangard ugry bolan dadaizm žanrynda kakasy Saragt Babaýewiň oňyn inçe ýumorly portretleri şonda meniň ünsümi özüne çekipdi.

Geljekde heýkeltaraş bolmagy arzuw edýän ýaş nakgaş höwes bilen žiwopis we keramika žanrlarynda hem işleýär. Ata-enesem onuň köpgyraňly döredijiligini we özbaşdak bilim almagyny goldaýarlar, ony durmuşda hem, sungatda hem şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde wajyp hasaplaýarlar.

Babaýewleriň döredijilik nebereleriniň dowam edip, medeniýet baglanşygyny ideýalary, çuň manylar we žanrlaryň utgaşygy bilen baýlaşdyrmaklaryny arzuw edýärin.