DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň diplomatik işini tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda hytaý diplomaty Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň strategiki taýdan möhüm hyzmatdaşlar bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanda işlän döwrüniň onuň diplomatik işinde aýratyn orna eýedigini nygtady.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar halkara guramalarynyň, hususanda, BMG-niň çäklerindäki hereketleriň oňyn tejribesini aýratyn belläp geçdiler.

 Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk Komitetiniň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag, energetika hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda özarabähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurlygyny nygtadylar.

Şeýle hem diplomatlar, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda, ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljekde hem işjeň giňeldilmegi bilen bir hatarda, beýleki derwaýys meseleleriň birnäçesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi özüniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistandaky diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin ýurduň Hökümetine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.