TÜRKMENISTAN ÝARAG ÝAÝRATMAZLYK WE ÝARAGSYZLANMAK PROSESSLERINI GOLDAÝAR

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory, Ýaragsyzlanmak boýunça guramasynyň Baş sekretary Tatýana Walowaýa bilen geçen wideoşekilli maslahatyň barşynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri ählumumy howpsuzlygyň gazanylmagy üçin halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň wajyplygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Howpsuzlygyň bitewi konsepsiýasynyň ilerledilmegi babatyndaky gyzyklanmasyny tassyklady.  

Özüniň bitaraplyk derejesiniň çäklerinde Türkmenistan, ýarag ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak babatda gepleşikleriň öňe ilerledilmegi ugrundaky halkara tagallalaryna ýardam etmäge taýýardyr. BMG-niň esas goýujy halkara şertnamalaryna we konwensiýalaryna, şol sanda Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky Şertnama we Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek baradaky Şertnama gatnaşmak bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamanyň öňe sürülmegi ugrunda çykyş edýändir.        

2010-njy ýylyň iýunynda Aşgabatda BMG-niň goldaw bermeginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada we Hazar deňzi basseýninde ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça halkara maslahaty geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň sebitde ýaragsyzlanmak meselesi boýunça syýasy gepleşikleri geçirmek üçin hemişelik hereket edýän meýdançanyň döredilmegi baradaky teklibi beýan edildi.

Taraplar ýaragsyzlanmak ugrunda öňüni alyş çäreleriň alnyp barylmagynyň wajyplygy barada belläp geçdiler. Şunlukda, Türkmenistanyň bu ugurda zähmet çekýänleriň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak hereketlerine ýardam bermäge taýýardygy barada aýratyn nygtaldy.   

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljegi dogrusyndaky işjeň pikir alyşmalar geçirildi.