Tbilisiniň merkezinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baner oturdyldy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli Tbilisiniň merkezinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy», 2020-nji ýyl – «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» atly uly baner oturdyldy.

Şeýlelik bilen, Gruziýa Türkmenistanyň halkyny möhüm sene bolan - Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen gutlaýar. Bu nobatdaky mahabat çäresi, Türkmen halkyna çuňňur hormat goýmagyň, ýurtdaky möhüm wakalara uly üns bermegiň aýdyň mysalydyr.

Mahabat çäresi ýylyň ahyryna çenli dowam eder.