Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň habar beriş serişdelerinde

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan makala Gruziýanyň «Многонациональная Грузия» gazediniň 2020-nji ýylyň dekabr aýyndaky nobatdaky sanynda çapdan çykdy.

Mundan başga-da, şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp Gruziýanyň birnäçe habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Gruziýanyň «Свободная Грузия», «Newsday Georgia» we «Geoecohub» habarlar agentlikleriniň elektron sahypalarynda birnäçe maglumatlar ýerleşdirildi.

Şeýle hem, 2020-nji ýylyň başynda Gruziýanyň «Newsday Georgia» habarlar agentliginiň elektron web-saýtynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp ýörite salgy ýerleşdirildi.