img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gruziýada Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli wideoşekiller görkezilýär

photo

2020-nji ýylyň 9-njy dekabryndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Gruziýadakydaky Ilçihanasy tarapyndan Tbilisiniň merkezinde oturdylan uly monitorlarda bu möhüm wakalara bagyşlanan wideoşekiller görkezilýär.

Bu şanly sene - Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen baglanyşykly, şu ýyl Gruziýanyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan wideoşekiller birnäçe gezek görkezildi.

Täze wideoşekilleriň kömegi bilen Gruziýanyň halky ýene-de bir gezek Türkmenistan bilen, onuň syýasy, ykdysady we medeni durmuşdaky ägirt uly üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alar.

Wideoşekilleriň görkezilmegi 2020-nji ýylyň 15-nji dekabryna çenli dowam eder.