Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp Gruziýada sport çäresi geçirildi

2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap kiçi futbol sport çäresini geçirdi.

Bu sport çärä Gruziýada akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň wekilleri, türgenler we sport söýüjiler gatnaşdylar.

Çäre başlamazyndan öň BMG-niň Rezolýusiýasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl Türkmenistanda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygar astynda geçýändigi bellenildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, bedenterbiýe we sporty ösdürmek hem-de olary ýaýbaňlandyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Sport çäresiniň soňunda ýeňijilere baýraklar gowşuryldy.