TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň derwaýys ugurlary babatynda aýdylanda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara hereketleriň giňeldilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet ýolbaşçylarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna Gazagystanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.

R.Meredow we M.Tleuberdi iki ýurduň ähmiýetli halkara meseleleri babatynda özara düşünişmeleriniň bardygy, şeýle-de taraplaryň halkara düzümleriniň çäklerindäki başlangyçlarynyň we dalaşgärlikleriniň özara goldanylýandygynyň derwaýyslygy aýratyn bellenilip geçildi.

Bu ugurda, ýurtlaryň häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn formatda bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýarlyklary beýan edildi.

Ýangyç-energetika pudagyndaky, senagat, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şonuň ýaly-da medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi türkmen-gazak özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.