Tbiliside işjeň ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär.

photo

2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýurduň syýasy durmuşynda ähmiýetli waka bolup durýan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler.

Prezident saýlawlaryny geçirmek üçin 2022-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda 1-nji saýlaw uçastogy açyldy.

Gruziýada bolýan Türkmenistanyň raýatlary her gün ýerli wagty bilen sagat 08:00-dan 19:00 aralygynda nobatdan daşary geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmaga mümkinçilikleri bardyr.

Prezident saýlawlaryny ýokary derejede geçirmek üçin Ilçihanada ähli şertler döredildi.