Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan, tegelek stol

2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp wideoaragatnaşyk arkaly tegelek stol geçirdi.

Çärä Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň, Gruziýada akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň wekilleri, žurnalistler, syýasatşynaslar, ylmy işgärler we alymlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary depgin bilen ösmegi yzygiderli syýasy gepleşiklere, ykdysady aragatnaşyklaryň berkidilmegine, ulag we energetika ugurlarynda ýakyn özarahyzmatdaşlygyna, şeýle hem, medeni-ynsanperwerlik ugurlary boýunça hyzmatdaşlyga esaslanýandygyny belläp geçdiler.

Şeýle-de, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlykly, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan 30 ýyllyk gatnaşyklary täze derejä çykandygy we bu gatnaşyklar biziň halklarymyzyň bähbitleri üçin ýene-de işjeň ýagdaýda ýokarlanjakdygy bellenildi.