RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEŇIŞ GÜNÜNE BAGYŞLANYP MOSKWADA GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Ozal habar berilişi ýaly, Beýik Ýeňşiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara gatnaşmak baradaky çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşl...

DOWAMY
9 Maý

DUŞENBE ŞÄHERINDE TÜRKMEN-TÄJIK IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň öňüsyrasynda 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Bilelikdäki türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri U.Usmonzoda açdylar. Foruma iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň 250-den gowrak wekili gatnaşdy. Iş...

DOWAMY
9 Maý

TÄJIGISTANYŇ PAÝTAGTYNDA EKSPORT ÖNÜMLERINIŇ BILELIKDÄKI SERGISI AÇYLDY

2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyrjak ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda Täjigistanyň Milli kitaphananyň binasynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi öz işine başlady. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Usmonali Usmonzoda gatnaşdylar. Wekil...

DOWAMY
9 Maý

DUŞENBE ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepow we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Jumahonzoda ýolbaşçylyk etdiler. Bu çäräniň maksady, ilkinji nobatda, işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakdan, iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň arasynda iler...

DOWAMY
9 Maý

GRUZIÝANYŇ PARLAMENTINDE “TÜRKMENISTAN-GRUZIÝA” PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DYŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Muratow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň deputaty, Hukuk meseleleri boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary, “Türkmenistan-Gruziýa” Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar yzygiderli syýasy gepleşikleriň işjeň ösdürilmeginiň, ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrmagynyň, energetika, ulag pud...

DOWAMY
8 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ YLMY JEMGYÝETÇILIGINIŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň mejlisler otagynda “Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek: meseleler we geljekki mümkinçilikler ”atly mowzuk boýunça tegelek stol geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekili...

DOWAMY
8 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti döwletara hyzmatdaşlyk barada aýdyp, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ösdürilýändigini aýratyn nygtady. Ýokary derejedäki duşuşyklar we gatnaşyklar yzygiderli esasda geçirilýär. 2022-nji ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem du...

DOWAMY