RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Apr

Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Angola Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (ýaşaýan ýeri Moskwa ş.) Auguştu da Silwa Kunýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda A.Gurbanow Ilçini ýokary wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa üstünlikler we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde rowaçlyklar arzuw etdi. Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn syýas...

DOWAMY
pic
18 Apr

BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler otagynda durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler otagynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi. Durnukly ösüş hepdeliginiň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy D.Frensis tarapyndan çagyrylan mejlise  ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ulag pydagynyň milli ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň agza döwletleriniň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we w...

DOWAMY
pic
18 Apr

Tbiliside Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu çärä Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Gruziýada akkreditirlenen Ilçiler, Milli Ylymlar akademiýasynyň, Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň, Ýazyjylaryň döredijilik bileleşiginiň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolba...

DOWAMY
pic
18 Apr

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Tbilisida Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow bilen Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Roin Metreweliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ylym we täze tehnologiýalar çygrynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan mümkinçilikleri we alnyp barylýan has işjeň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar öz ýurtlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, akademiki ulgamda gazanylan üstünlikler bilen...

DOWAMY
pic
17 Apr

TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr ge...

DOWAMY
pic
17 Apr

Nýu-Ýork şäherinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň baş edarasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Batyr Annaýew, ulag boýunça edaralaryň ýolbaşçylary, Topara agza ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri...

DOWAMY
pic
17 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna netijeli pakistan-türkmen dialogyny ösdürmäge ähmiýet berýän Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti A...

DOWAMY