SOŇKY HABARLAR
«Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat
2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary,...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny, bu mukaddes baýram mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlary...
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň şu saparynyň ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolup durýandygyny belledi. Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy döwlet Baştutanymyza Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň hem-de Premýer-ministri Irakliý Ko...
Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň möhümdigini, şunda döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde çykyş edýändigini nygtadylar. Ta...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Arkadagymyz ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygyny şanly ýaş toýy we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlady. Söhbetdeşligiň dowamynda...
Tbiliside futbol boýunça ýaryş geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan futbol ýaryşy geçirdi. Bu ýaryşa Gruziýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar. Ýaryş başlamazdan ozal Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol bütindünýä saglyk güni jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty wag...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi
2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işlerini...