SOŇKY HABARLAR
Çehiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Lýubomir Frebort bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklar...
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda...
Türkmen-katar syýasy geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kataryň wekiliýetine Kataryň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pi...
Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. Baýramçylyk çäresi Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan sergä aýlanyp görmek, şeýle hem dabara gatnaşýan çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etmek bilen başlandy. Maslahatyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Rim şäherinde «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasy geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da sebitleýin hem-de ählumumy durnuklylygy saklamak we...
Study tour of the delegation of Turkmenistan to Georgia
On 27-31 May 2024, a study visit of the delegation of Turkmenistan is taking place in Tbilisi regarding the best practices in the WTO accession negotiation process, as well as advancing national trade policies. The Turkmen delegation includes representatives of the Ministry of Finance and Economy, the Ministry of Justice, the Central Bank, the State Customs Service and others. Within the framework of the study visit, the Turkmen delegation held meetings with their counterparts at the Minis...
BMG-niň OHCHR-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Demokratik institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda b...