SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ulgamyna girýän edara...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasy kabul edildi
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasyna seredildi we biragyzdan kabul edildi. Bu resminama gün tertibiniň «Birleşen Milletler Guramasynyň ykdysady, durmuş we ýanaşyk ugurlardaky iri maslahatlarynyň we ýokary derejeli duşuşyklarynyň çözgütleriniň utgaşykly we toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi hem-de olaryň netijeleri boýunça alnyp barylýan işler» atly 13-nj...
Türkmenistanyň Ilçisi Efiopiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Addis-Abeba şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýewiň Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähi...
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňdebaryjy koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzir...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Marat Husnullin ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyg...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýe...
Türkmenistanyň ýaşlary durnukly ösüş üçin ekologiýa meseleleriniň üstünde işjeň işleýärler
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 120-den gowrak öňdebaryjy ýaşlary, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş Ilçilerini, ekologiýa ugrundaky işjeň raýatlary, döwlet edaralarynyň, BMG-niň düzümleriniň wekillerini we bilermenlerini birleşdiren Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Türkmenistandaky LCOY 2025 maslahaty BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň ýanyndaky çagalar we ýaşlar boýun...