SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýanyň kompaniýasy “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” bilen duşuşyk geçirdi
2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da Arkadag şäherinde senagat desgalarynyň gurluşygyny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtda kompan...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi
2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netije...
“Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilip, guramanyň 6 resmi dilinde ýaýradyldy. Resminamanyň doly mazmuny bilen bellenen salgyda tanyşyp bilersiňiz: https://undocs.org/home/mobile?finalsymbol=a/78/694. Resminama BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň "Parahatçylyk medeniýeti", “Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak”, “Merkezi Aziýa p...
“Ýaşlar howanyň üýtgemegi bilen bagly hereketler üçin: Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça hereketlere goşant goşmak ugrunda ýaşlar başlangyçlarynyň ýol kartasy” boýunça tegelek-stol maslahatynyň metbugat syny
2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaşlar howanyň üýtgemegi bilen bagly hereketler üçin: Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça hereketlere goşant goşmak ugrunda ýaşlar başlangyçlarynyň ýol kartasy boýunça tegelek-stol maslahaty geçirildi. Tegelek stol maslahatyna Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Çäräniň...
BAE-niň «WAM» habarlar agentligi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda ilkinji gezek sapar bilen bolýan «WAM» habarlar agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa we «WAM» habarlar agentliginiň Baş direktory Mohammed Jalal al Raisi ikitaraplaýyn türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda, maglumat meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. «WAM» habarlar agentli...
Meeting at the MFA of Turkmenistan with the Governor of Razavi Khorasan Province
On January 25, 2024, a meeting was held between the Deputy Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Ahmed Gurbanov and the Governor of the Razavi Khorasan Province of the Islamic Republic of Iran Yaqub Ali Nazari. During the meeting, the parties exchanged views on the current state and further development of cooperation between Turkmenistan and Iran. The sides noted the high level of trust in bilateral relations, secured by the systematic and dynamic nature of contacts at the highest le...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ulag-kommunikasiýa edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda sanly ulgamyň infrastrukturasyny, sanly ykdysadyýeti, maglumat howpsuzlygy, emeli aň, internet, hünärmenleriň taýýarlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Taraplar sanly tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňe...