RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. J.Owji Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny ýetirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýokary derejede alnyp barylý...

DOWAMY
pic
18 Ýan

Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri boýunça dialog dowam etdi

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn saparlary we çäreleri guramak, nobatdaky “Ýe...

DOWAMY
pic
18 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.  M.Şinas Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýändigini belläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň öňde duran gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugu...

DOWAMY
pic
17 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen geçirilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi....

DOWAMY
pic
16 Ýan

Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Pithambaran Nairyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we energetika hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meselelere seredip geçdiler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer pudagynda özara gatnaşyklara üns berildi. Hususan-da, ylym, mede...

DOWAMY
pic
16 Ýan

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda M.Bäşimowa K.Imnadzeni jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de hyzmatdaşlygy we parahatçylygy berkitmek, şeýle hem ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi saklamak meselesindäki merkeziň tut...

DOWAMY
pic
15 Ýan

Press release

Turkmenistan, which has an internationally recognized status of permanent neutrality, implements its foreign policy in strict accordance with the norms of international law. In this regard, based on the Charter of the United Nations, one of the main principles of which is the respect of the territorial integrity of states, Turkmenistan declares its firm support for the principle of "One China" and reaffirms that the government of the People's Republic of China is the only legitimate governmen...

DOWAMY