RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibi bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Türkmenistan bilen Gruziýanyň halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň...

DOWAMY
5 Sen

Pekinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy

Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew bilen söwda wekili Ş. Batyrow Hytaýyň hyzmatlar söwdasy -2020 halkara ýarmarkasynyň (CIFTIS-2020) meýdançasynda geçirilen Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar. Foruma gatnaşmaga çakylyk syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasyndan (WTCF) gelip gowuşdy, Aşgabat şu ýylyň maý aýynda bu gurama agza boldy. 4-nji sentýabrdan 9-njy sentýabr aralygynda adaty we onlaýn görnüşde şu ýyl ilkinji gezek ge...

DOWAMY
5 Sen

Çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti boldy. Ýurdumyzyň ýaş ýerine ýetirijileriniň arasynda her ýyl geçirilýän aýdym-sazly bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralarynyň başyny başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, köp ýyllaryň dowamynda geçirilýän zehinli çagalaryň bäsleşigine Watanymyzyň dürli künjeklerinden köp sanl...

DOWAMY
5 Sen

Milletiň ruhy dünýäsi — Watanymyzyň bakylyk binýady

Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda halkymyza beren ajaýyp sowgady boldy. Dabara medeniýet we sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasy başlanmazdan ozal, sergi guraldy, dö...

DOWAMY
5 Sen

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we tehnikikerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna polietilen, tekiz boýal...

DOWAMY
4 Sen

Türkmenistan—BMG: ýakyn gatnaşyklar we umumy maksatlar

Şu gün Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy durmaga we täsir etmegine taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasyny amala aşyrmakda öňegidişligi ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi. Wideomaslahata Mejlisiň, DIM-iň, saglygy goraýyş, maliýe, ilaty hukuk we durmuş taýdan goramak, bilim, oba hojalyk hem-de daşky gurşawy goramak boýunça ulgamlaryň, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň, ulag edaralarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, j...

DOWAMY
4 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.   Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa bolan saparyny aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol saparyň barşynda Rimde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyk...

DOWAMY