SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan TDG-niň synçylar toparynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň paýtagtyna gelen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Türki döwletleriň guramasy bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegini özüniň sebitleýin we ählumumy hereketlere gatnaşygynyň umumy ugruny nazarda tutmak arkaly ileri tutý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ AKSAKALLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BINALY ÝYLDYRYM BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 10-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu Guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy babatynda pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Türkmenistanyň synçy-döwlet hökmünde bu halkara düzüminiň işine işjeň gatn...
Tbiliside işjeň ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär.
2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýurduň syýasy durmuşynda ähmiýetli waka bolup durýan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Prezident saýlawlaryny geçirmek üçin 2022-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda 1-nji saýlaw uçastogy açyldy. Gruziýada bolýan Türkmenistanyň raýatlary her gün ýerli wagty bilen sagat 08:00-dan 19:00 aralygynda nobatdan daşary geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmaga mümkinçilikleri bardyr. Prezident saý...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Daşkentde Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň (HBM) 10 ýyllygyna bagyşlanyp «BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli Halkara maslahat geçirildi. Çärede Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýüzlenmesi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoýüzlenmesi diňlenildi....
TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ BMG-NE AGZA BOLMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-ne agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ösüşi kepillendirmekde dialogyň orny» atly dabaraly duşuşyk geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri hem-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdelerini...
TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER ÖZ IŞINI DOWAM ETDI
2022-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň derwaýys söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iri amerikan kompaniýalary türkmen bazarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, farmasewtika...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY DÜZÜM BIRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY SAÝLAWLARY GEÇIRMEK IŞLERINE GATNAŞÝAN HÜNÄRMENLER ÜÇIN OKUW-MASLAHATYNY GEÇIRDILER
2022-nji ýylyň 2-nji martynda paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek işlerine gatnaşýan döwlet edaralarynyň wekilleri üçin okuw-maslahaty geçirildi. Ol saýlawlara taýýarlyk görmekde we ony geçirmekde milli hünärmenleriň tejribesini kämilleşdirmäge bagyşlanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň ýardam bermeginde guraldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D...