SOŇKY HABARLAR
HYTAÝYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AŞGABADA RESMI SAPARY
2021-nji ýylyň 12-nji iýulynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň, şeýle-de iki ýurduň DIM-niň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilendir. Şunlukda, 12-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaý...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýa gatnaşykda barlanylmadyk we ygtybarly bolmadyk habarlar ýaýradylýar. Hususan-da, RBK (РБК) teleýaýlymy tarapyndan, göýä Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine harby tehnikasyny we artileriýasyny çekýändigi babatyndaky hakykata laýyk gelmeýän maglumat ýaýradyldy, bu bolsa ýeňil şöhrata kowalaşylan wagtynda galp habardan başga zady aňladýan däldir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň...
TÜRKMENISTAN WE GYRGYZYSTAN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY IŞJEŇ ÖSDÜRÝÄR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň adyndan hat gelip gowuşdy. Hatda Gyrgyzystanyň Baştutanynyň golaýda Aşgabada bolan resmi saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Şunlukda hatda şeýle diýilýär: «Saparyň çäklerinde guralan çäreleriň, hususan-da, Siziň bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeli hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçmegi gyrgyz-türkmen doganlyk gatnaşyklaryny...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI KUWEÝT DÖWLETINIŇ PREMÝER-MINISTRINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabaha Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki (oturýan ýeri Abu-Dabi ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Köşgünde geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezi...
TÜRKMENISTANYŇ WE MAROKKO PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY DEREJESINDE SYÝASY MASLAHATLAŞMALAR GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-marokkan syýasy maslahatlaşmalar geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, marokkan tarapyna bolsa Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Buritan ýolbaşçylyk etdi. Maslahatlaşmanyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mes...
THE DEVELOPMENT OF COOPERATION OF TURKMENISTAN AND RUSSIA IS IN PRIORIT
Today, on the 8th of July, a meeting was held in the Turkmen capital with the delegation of the Russian Federation headed by the Chairman of the Committee for External Relations of Saint Petersburg Ye.Grigoryev, who arrived to Turkmenistan on a working visit. The Turkmen side at the meeting was represented by the Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers, Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov and the Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers, Chairman of the Supreme...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepow Warşawa şäheriniň “Belweder” köşgünde Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Berlin şäheri) hökmünde özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Polşa Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýo...