SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI 2021-NJI ÝYLYŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2021-nji ýylyň 15-nji martynda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliyeti 2021-nji ýylynyň - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň wekiliýeti ýakyn ýyllarda halkara jemgyýetçiliginiň aşakdaky möhüm ugurlara üns bermegiň zerurdygyny belledi - halkara hukugynyň pugtalandyrylmagy, ýaragsyzlanmak we...
TÜRKMENISTAN WE SAUD ARABYSTANY ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRÝAR
2021-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň «Somo Al Mamlakah» Saud kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdullah Al Şugairi bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň nebitgaz, himiýa senagaty we maýa goýum ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny belläp geçdiler. Şunlukda, öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady...
TÜRKMENISTAN JENAÝATÇYLYGYŇ ÖŇÜNDEN DUÝDURYLMAGY WE JENAÝAT ADALATLYLYGY BOÝUNÇA BMG-NIŇ 14-NJI KONGRESINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2021-nji ýylyň 7-12-nji marty aralygynda Ýaponiýanyň Kioto şäherinde onlaýn görnüşinde geçirilen jenaýatçylygyň öňünden duýdurylmagy we jenaýat adalatlygy boýunça BMG-niň 14-nji Kongresine gatnaşdy. Çärä 150-den gowrak agza-döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Ýaponiýanyň Ýustisiýa ministri Ýoko Kamikawa 14-nji Kongresiň Başlyklygyna saýlandy. Çäräniň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Premýer-m...
Gruziýanyň KHBS-leri –Türkmenistanyň gazananlary barada
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde gruzin KHBS-leri 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň altyn baýragyny eýelän Ýulduz Jumabaýewanyň sarpalamak dabarasyny giňişleýin beýan edýärler. Gruziýanyň KHBS-niň türkmen sporty üçin möhüm waka uly üns bermegi ýurdumyza, onuň taryhyna we medeniýetine, jemgyýetçilik-syýasy ugruna, durmuşyň ähli ugurlarynda gazananlaryna gyzyklanmasynyň beýany boldy. Gruziýanyň KHBS-niň birnäç...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny h...
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn...
Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi
Şu gün Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Beýik Britaniýanyň “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Resminama laýyklykda, TSTB-niň bu kompaniýanyň önümlerini satyn almaga, “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň bolsa önümleriň tehniki görkezijilerini emele getirmek, şeýle hem umumy neti...