SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI OMANYŇ SOLTANYNA YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 17-nji fewralynda Oman Soltanlygynyň Soltanynyň resmi oturýan ýeri bolan «Al Baraka» köşgünde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Çaryýewyň Omanyň Soltany Haýsam bin Tarek Al Saide Türkmenistanyň Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Omanyň Soltany bilen duşuşy...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Aşgabada iş sapary bilen geldi. 17-nji fewralda saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Şeýle hem saparyň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Dipl...
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi. Duşuşygyň başynda Ilçi Irfan Ahmed täze ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen bagly gutlaglary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşant goşjakdygy barada ynandyrdy. Duşuşygyň dowamynda tara...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 110-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awtobenzini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Pakistanyň, Azerb...
TÜRKMENISTANYŇ UNESCO BILEN HYZMATDAŞLYGY TÄZE MAZMUN BILEN BAÝLAŞDYRYLÝAR
2021-nji ýylyň 11-12-nji fewralynda UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär kätibi Çynar Rüstemowamyň UNESCO-nyň Tähran şäherindäki edarasynyň ýolbaşçysy Swetan Swetkowski we UNESCO-nyň Almaty şäherindäki Sebitleýin merkeziniň direktory Krista Pikkat bilen onlaýn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bildirdiler. Özara hereketler bilen bagly häzirki meselelere...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝURDUŇ DIPLOMATIK GULLUGYNA BEREN TABŞYRYKLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINE DEGIŞLILIKDE TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MEJLIS GEÇIRILDI
Şu gün, 2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn mejlisi geçirildi. Mejlise şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-d...
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz g...