RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Maý

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Türkme...

DOWAMY
pic
26 Maý

Türkmenistan bilen Hytaýyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynda, başga halkara düzümlerde we görnüşlerde bi...

DOWAMY
pic
26 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mihail Kawelaşwilä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

DOWAMY
pic
24 Maý

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Bu gezekki duşuşygyň gün tertibine şu ýylyň iýunynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak girizildi....

DOWAMY
pic
23 Maý

Tbiliside türkmen halysynyň baýramy bellenildi

2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Ahundowyň Öýi” muzeýinde türkmen halysynyň baýramçylygyna bagyşlanyp türkmen hem-de azerbaýjan haly önümleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergä Gruziýada akkreditirlenen daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri, Gruziýanyň Parlamentiniň deputatlary, Gruziýanyň halypa Ilçileri, bu ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Tbilisi...

DOWAMY
pic
23 Maý

В МИД Туркменистана обсуждены ключевые направления сотрудничества с МВФ

23 мая 2025 года в МИД Туркменистана состоялась встреча заместителя министра иностранных дел Туркменистана Сердара Мухамметдурдыева с делегацией Международного валютного фонда (МВФ) под руководством главы миссии МВФ по Туркменистану Анной Роуз Бордон. В ходе переговоров стороны обсудили текущее состояние и перспективы взаимодействия Туркменистана с МВФ, в том числе в таких направлениях, как техническая помощь, консультативная поддержка и подготовка кадров. Особое внимание было уделено вопроса...

DOWAMY
pic
23 Maý

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi. Duşuşy...

DOWAMY