SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 35-si baglaşyldy. Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Şotlandiýadan BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gonkongyň we Şweýsariýanyň i...
SAGLYGY GORAÝYŞ BOÝUNÇA IX TÜRKMEN-GERMAN FORUMY AÇYLDY
2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň çäklerinde guralan Saglygy goraýyş boýunça nobatdaky - IX Türkmen-German forumy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işine başlady. Türkmen tarapyndan foruma Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derm...
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy. Şu gün, 21-nji ýanwarda Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramow...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Prezidentler iki ýurduň we halkyň arasynda özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine, şeýle-de taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we...
SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRLIGINDE NEMES BILERMENLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, “Türkmendermansenagat” Birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky döwlet l...
ТУРКМЕНИСТАMETBUGAT-RELIZI TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA: DOSTLUGY HEM-DE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLUNDAН И ФРАНЦИЯ: ПО ПУТИ РАЗВИТИЯ ДРУЖБЫ И ВЗАИМОВЫГОДНОГО СОТРУДНИЧЕСТВА
2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň paýtagtyna iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan administratiw we durmuş maksatly desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy. Türkmenistanyň uzak ýyllaryň dowamynda «Bouygues Batiment International» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýandygyny bellemek zerurdyr, kompaniýa öz nobatynda administratiw, medeni we sport maksatly dürli desgalaryň gurluşygyny durmu...
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝADA «SPUTNIK V» SANJYMYNY BELLIGE ALAN ILKINJI DÖWLET BOLDY
2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynyň (GMRG) baş direktory Kirill Dmitriýew «Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt boldy. Hyzmatdaşlarymyz sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler, çünki ol bu günki günde koronawirusa garşy göreşmegiň dünýä derejesi...