RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Noý

«МIR» DÖWLETARA TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çykyşlarynyň barşynda Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
22 Noý

TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN SERHETÝAKA SUW SERIŞDELERINIŇ NETIJELI ULANYLMAGY ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER

Şu gün, 2020-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň binasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçdirildi.   Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde owgan wekiliýetine Owganystanyň Suw...

DOWAMY
pic
22 Noý

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, awtomobil benzinini, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtomobil benzini OYR-nyň telekeçileriniň geleşiklerini...

DOWAMY
pic
19 Noý

TÜRKMENISTAN BILEN HALKARA PUL GAZNASYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bilen Natalia Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Wideo maslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmeklige gönükdirilen, ikitaraplaýyn bähbitli, geljegi uly bolan taslamalar...

DOWAMY
pic
19 Noý

TÜRKMENISTANYŇ IRENA-NYŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.Garajaýew Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda S.Garajaýew Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde öz ynanç hatlyny gowşurdy. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara...

DOWAMY
pic
19 Noý

HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ PUDAK EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE BMG-NIŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň ministrlikleriniň, Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goranyşy merkezi gulluklarynyň hem-de BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny tassyklamak üçin bilelikdäki duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak, şol sanda gol çekilen bilelikdäki hereketleriň meýi...

DOWAMY
pic
19 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Täze neşir Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýapon dilini çuňňur öwrenýän jemgyýetçilik üçin özboluşly sowgat boldy. Tanyşdyryş dabarasyna ýurduň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, Aşgabatda ýerleşen ýokary okuw...

DOWAMY