SOŇKY HABARLAR
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Parlamentindäki duşuşyklar
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy parlamentara gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli tagallalar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň düzgünleriniň...
Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň atçylyk gwardiýasynyň ýerleşýän ýerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen duşuşygyna gatnaşdy. Geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dialogy ösdürmek meseleleri ara...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Şazada Edward bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hökümet binasy bolan Lankaster-hausda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şazada Edward, Edinburg Gersogy bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de aýratyn-da medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar. *** Şazada Edwardyň, Edinburg Gersogyny...
Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerindäki gazanylan üstünlikleri we geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüşde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemiş...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy. 25-nji fewralda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary Arsenio Dominges bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda deňiz ulaglary we halkara gämiçilik ulgamyndaky hy...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky tü...
Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Gruziýanyň Prezidenti M.Kawelaşwili Gruziýada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowany kabul etdi. Mejlisiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurl...