SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ TÄZE BELLENILEN BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy, Ilçi Jon MakGregor bilen duşuşdy. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň Başlygy hökmünde bellenilen täze wezipesi bilen bagly gowy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Ilçi Jon MakGregor Guramanyň üç sany esasy ugurlarynyň çäklerinde ÝHHG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady. Taraplar häzirki wag...
TÜRKMENISTANYŇ WE MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir g...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON KOMITETINIŇ BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen böleginiň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň ýapon böleginiň başlygy, Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubai bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «MIR» DÖWLETARA TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar KHBS ugry boýunça maglumat alyş-çalşygy we özara hereketleriň ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň maglumat syýasatynyň ösüşine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şu nukdaýnazardan «Mir» DTRK Türkmenistanyň işjeň hem ynamdar hyzmatdaşy bolup durýar. Uzak möh...
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe bagyşlap köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirdi
2021-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň ýardam bermeginde Bütindünýä welosiped gününe, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna, şeýle hem 2021-nji ýyly - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp welosipedli ýöriş geçirdi. Bu welosipedli ýörişe Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, türgenler we tälimçiler gatnaşdylar. Welosipedli ýörişi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ENERGETIKA BOÝUNÇA ÝEWROPA BILELEŞIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikde Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek işine aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Tü...
TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri Geri Koren bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşigiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ysraýyl döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ba...