RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Apr

TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ ARASYNDA SANLY WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oba we suw hojalygy pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we ýapon hyzmatdaşlarynyň sil akymlarynyň öňüni almak we olary ilatly ýerlerd...

DOWAMY
pic
22 Apr

BMG-NIŇ HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULYŞMAK BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna goşulmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Duşuşyga şeýle-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Gurluşyk we binagärlik, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de beýleki pudaklaýyn edaralarynyň wekille...

DOWAMY
pic
21 Apr

BMG-NIŇ WE TÜRKMENISTANYŇ PUDAK EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ ÖZARAHEREKETLERIŇ DERWAÝYS MESELELERI BOÝUNÇA DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagy sebäpli ýüze çykyp biljek durmuş-ykdysady täsiri peseltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasyndaky Bilelikdäki Iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň biziň ýurdumyzda işleýän düzüm birlikleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşa...

DOWAMY
pic
21 Apr

TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRLIGINDE AÝRATYN HOWPLY ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÝAÝRAMAGYNA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI MEÝILNAMASYNY DÜZMEK BABATDA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň Milli meýilnamasyny düzmek babatda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekil...

DOWAMY
pic
20 Apr

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK WE ÖSÜŞ GURAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK

Şu gün, 2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Global aragatnaşyklar sekretariatynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň başlygy William Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.    Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi.  Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şol sand...

DOWAMY
pic
18 Apr

Production of petrochemical industry and textile are in the top of exchange trades

68 transactions have been registered at the trades of the State Commodity and Raw Material Exchange of Turkmenistan last week. For foreign currency, brokers from Switzerland, Malta, Kazakhstan, Afghanistan have bought hydro-treated diesel fuel and base oil produced by Turkmenbashy Refinery Complex. Representatives of business circles of Russia and Afghanistan have procured polypropylene and ECO93 gasoline (SC Turkmengaz). In addition, handmade carpets and cotton yarn have been sold for for...

DOWAMY
pic
17 Apr

Gruziýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan wideo aragtnaşyk arkaly tegelek stol geçirildi.        Çarä «TV24» we «Obýektiw» teleýalymlarynyň, «Georgian Business Consulting Group» neşirýat toparynyň, «Mnogonasionalnaýa Gruziýa», «Swobodnaýa Gruziýa» we «Rezonans» ýaly gazetleriň we Gruziýanyň beýleki öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tegelek stoluň b...

DOWAMY