SOŇKY HABARLAR
WENGRIÝADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-WENGER TOPARYNYŇ DÖRDÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine, aýratyn hem sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň, köpugurly ykdysady we medeni-ynsanperwer özarahereketleri giňeltme...
«EURONEWS»-YŇ WEKILI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Euronews» habarlar teleýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça Baş direktory Roland Nikolaou bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, bilermenlik başarnyklarynyň we tejribeleriniň alyşylmagy arkaly maglumat materiallaryny taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Eur...
KIPR RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Andreas Zinonos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-kipr gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy...
BUDAPEŞT ŞÄHERINDE TÜRKMEN-WENGER IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Türkmen-Wenger bilelikdäki toparynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen-wenger işewürlik maslahaty Wengriýanyň eksporty ösdürmek boýunça agentligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guraldy. Forumyň dowamynda iki tarapyň topar ýolbaşçylarynyň hem-de Wengriýanyň bank ulgamynyň şeýle hem hususy kärhanalaryň ýolba...
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy: şanly senäniň hormatyna täze saýt
?Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň saýty 19-njy ýanwardan 20-nji ýanwara geçilen gije internete goýberildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenilip düzülen 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli forumyň resmi ulgamy Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanyldy. Täze saýtyň baý mazmuna...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Ýokary derejedäki bilelikdäki saparlaryň özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak ýörelgelerine...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýa Federasiýasynyň işe...