SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, göni arassalanan benzini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli kysymly polietilen Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Owganystandan gelen täjirleriň söwdasynyň...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de onlaýn-teleköpri arkaly geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar! Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän Ylymlar güni, şeýle hem onlaýn-teleköpri arkaly geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýu...
TÜRKMEN-AMERIKAN SYN BERIJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi J.Henik gatnaşdylar. Synyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň özarahereketleriniň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki...
HALKARA ENERGETIKA AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi edarasynda Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika sektorlarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatla...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ DAŞARY IŞLER WE HOWPSUZLYK SYÝASATY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fontelles bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri giçirildi. Duşuşygyň barşynda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Administratorynyň orunbasary we BMG-niň ÖM-nyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen uzakmöhletleýin hem-de netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Taraplar BMG-niň Ösüş Maksatnam...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygynyň nobatdaky tapgyry sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan we Owganystan Yslam Respublikasyndan ýokary derejeli diplomatlar, BMG-niň Baş...