SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-de Fransiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Filipp Merleniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan gatnaşyklaryň yzygiderli esasda ösdürilýänligi aýratyn bellenildi....
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanyna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezident...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň duşuşygy geçirildi. Dar düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşly...
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň gidişini seljerdiler we ýakyn wagtda geçiriljek...
Aşgabatda kiberhowpsuzlyk boýunça türkmen-hytaý geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşyşyga gatnaşanlar bilelikdäki işleriň netijelerine, şeýle-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygy ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garadylar. Geňeşmeleriň barşynda halkara kiberhowpsuzlygy...
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Adam söwdasyna gözegçilik etmek we garşy göreşmek boýunça müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi Sindi Daýeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara konwensiýalarynyň durmuşa geçirilmegi we ynsanperwer ugurda ählumumy kabul edilen kadalar bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglanyşykly...
Event was held in Ashgabat to mark the 79th anniversary of the United Nations
On October 25, 2024, an event was held in the UN building in Ashgabat to mark the 79th anniversary of the entry into force of the Charter of the United Nations. The event was attended by heads and representatives of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan, the UN Resident Coordinator in Turkmenistan, as well as leadership and staff members of the UN agencies in Ashgabat. The event centered on the significant role of the UN as a respected and legitimate universal international forum...