SOŇKY HABARLAR
Sinhaý Eksposynyň çäklerindäki duşuşykda Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlary görkezildi
6-njy sentýabrda Sinin şäherinde (HHR) Sinhaý ekologiýa senagaty Eksposy we Tibet halysynyň sergisi (Qinghai Ecological (Industry) Expo and Tibetan Carpet Exhibition) açyldy. Gözden geçiriliş ykdysadyýetiň we beýleki pudaklaryň ösüşiniň ekologiýa ugruna, şol sanda ekologiýa ösümlikçiligi, maldarçylygy, adaty hytaý lukmançylygy, ekosyýahatçylyk, etniki medeniýet we beýlekiler ýalyy möhüm ugurlara bagyşlanýar. Sergi zallaryň üçüsinde we Sinhaýyň Halkara sergi meýdançasynda hem-de maslahatlar...
TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibi bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Türkmenistan bilen Gruziýanyň halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň...
Pekinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy
Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew bilen söwda wekili Ş. Batyrow Hytaýyň hyzmatlar söwdasy -2020 halkara ýarmarkasynyň (CIFTIS-2020) meýdançasynda geçirilen Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar. Foruma gatnaşmaga çakylyk syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasyndan (WTCF) gelip gowuşdy, Aşgabat şu ýylyň maý aýynda bu gurama agza boldy. 4-nji sentýabrdan 9-njy sentýabr aralygynda adaty we onlaýn görnüşde şu ýyl ilkinji gezek ge...
Çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti boldy. Ýurdumyzyň ýaş ýerine ýetirijileriniň arasynda her ýyl geçirilýän aýdym-sazly bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralarynyň başyny başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, köp ýyllaryň dowamynda geçirilýän zehinli çagalaryň bäsleşigine Watanymyzyň dürli künjeklerinden köp sanl...
Milletiň ruhy dünýäsi — Watanymyzyň bakylyk binýady
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda halkymyza beren ajaýyp sowgady boldy. Dabara medeniýet we sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasy başlanmazdan ozal, sergi guraldy, dö...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we tehnikikerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna polietilen, tekiz boýal...
Türkmenistan—BMG: ýakyn gatnaşyklar we umumy maksatlar
Şu gün Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy durmaga we täsir etmegine taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasyny amala aşyrmakda öňegidişligi ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi. Wideomaslahata Mejlisiň, DIM-iň, saglygy goraýyş, maliýe, ilaty hukuk we durmuş taýdan goramak, bilim, oba hojalyk hem-de daşky gurşawy goramak boýunça ulgamlaryň, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň, ulag edaralarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, j...