SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY IBERDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Tähran şäheriniň golaýynda «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu betbagtçylygyň netijesinde Eýranyň köp sanly raýatynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
EÝRANYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi. Öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, Ilçi Golam Abbas Arbab Hales ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen türkmen tarapynyň gutlagyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidilmegine ynam bildird...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE YSRAÝYLYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ysraýylyň Ilçisine bu wezipede zähmet çeken döwründe alyp baran önjeýli işi hem-de türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY
2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýe Tähran şäheriniň golaýynda «МАУ» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
TÜRKMEN WEKILIÝETI «HEIMTEXTIL 2020» SERGISINE GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2020» atly dokma önümleriniň halkara sergisini öz işine başlady. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar. Bu halkara sergisi her ýylyň ýanwar aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» sergiler merkezinde geçirilýär. Bu ýyl...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamidi, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 418 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan we Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 1 million 123 müň manatlykdan gowrak nah ýüplüg...
Türkmenistanlylar 2020-nji ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar
Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi, olaryň baýramçylyk çäreleri dowam edýär. Şu günler paýtagtymyz hem owadan keşbe girip, Täze ýyl bezegleriniň ýalkym saçýan, köçeleriň, seýilgähleriň we meýdançalaryň millionlarça yşyklaryna beslendi. Agşamky şäher hakyky ertekä öwrüldi, bu erteki bolsa biziň her birimiziň kalbymyzda ýaşaýar. Çünki bu zatlaryň hemmesi biziň şatlygymyzy, aladamyzy...