RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Okt

Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisde çykyş edenler Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda parlament gatnaşyklaryny berkitmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Hal...

DOWAMY
pic
15 Okt

Aşgabat şäherinde Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Duşuşykda iş toparynyň türkmen tarapyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döwlet maliýe serişdeleri we ykdysady syýasaty boýunça umumy müdirliginiň başlygy Galina Romanowa, hytaý tarapyna HHR-iň Söwda ministrliginiň daşary maýa goýumlar we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Ýan Hao ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga Türkmenist...

DOWAMY
pic
14 Okt

Брифинг по итогам Международного форума, посвященного 300-летию со дня рождения Махтумкули Фраги

14 октября 2024 года в МИД Туркменистана состоялся брифинг по итогам Международного форума, посвященного 300-летию со дня рождения Махтумкули Фраги «Взаимосвязь времен и цивилизаций – основа мира и развития». В мероприятии приняли участие главы и сотрудники дипломатических миссий и представительств международных организаций, аккредитованных в Туркменистане, представители местных и зарубежных СМИ. Выступившие в ходе брифинга подчеркнули, что актуальность форума, проведенного 11 октября теку...

DOWAMY
pic
14 Okt

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon söhbetdeşligi

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Ilki bilen dostlukly ýurduň Baştutany...

DOWAMY
pic
14 Okt

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide fotosuratlar, şekillendiriş,...

DOWAMY
pic
14 Okt

Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm çäredir. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, iki tarapdan hu...

DOWAMY
pic
13 Okt

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Irden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugrady. Köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Prezident Serd...

DOWAMY