SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi. Myhman hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝHHG-niň Baş sekretarynyň hem-de Slowakiýanyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirip, ýolbaşçylyk edýän halkara guramasynyň mö...
TÜRKMENISTAN WE GRUZIÝA DÜRLI UGURLARDA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYNY GIŇELDÝÄRLER
2019-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gruzin wekiliýetine türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ulag-tehnologiýa ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki dostlukl...
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG KÖP UGURLY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLY
2019-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki başlygy we Slowakiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri boýunça ministri Miroslaw Laýçagyň ýolbaşçylygyndaky ÝHHG-nyň wekiliýeti bilen duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky köp ýyllyk oňyn häsiýetli hyzmatdaşlygy kanagtlanma bilen bellediler. ...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN PARIŽDE BOLAN DUŞUŞYKLARY
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2019-njy ýylyň 20-21-nji maý aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça Parižde iş saparynda boldy. Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň Baş direktory Anhel Guriýa tarapyndan kabul edildi, şeýle-de bu guramanyň beýleki ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Duşuşyklaryň barşynda taraplar ýurdumyz bilen b...
WENGRIÝANYŇ DAŞARY IŞLER WE DAŞARY SÖWDA MINISTRI PETER SIÝARTONYŇ AŞGABADA IŞ SAPARY
Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşykdan soňra žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi: - Siz şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirdiňiz, haýsy ugurlara aýratyn üns berildi? Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna Siz nähili baha berýärsiňiz? - Wengriýa Merkezi Aziýany, has takygy Türkmenistany ýewropa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan sebitiň örän wajyp ýurtlarynyň biri hökmünde kabul edýär. tür...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG-niň «Sebitleýin ykdady özarabaglanşyklylyk ýolunda – söwda we ulag ulgamynda ýardam etmegiň milli gurallary» atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen gurnalan okuw sapagyna ÝHHG-niň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, okuw sapagyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri,...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ADYGEÝA RESPUBLIKASYNA BARYP GÖRDI
2019-njy ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň Adygeýa Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi Adygeýa Respublikasynyň Baştutany Murat Kumpilow bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň barşynda dostlukly we işewür gatnaşyklaryň ösüşi, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Adygeýa Respublikasynyň arasyndaky sosial ulgamdaky, yk...