RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “ROSSOTRUDNIÇESTWONYŇ” ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Federal agentligiň (“Rossotrudniçestwo”) ýolbaşçysy E.Mitrofanowanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Birek-biregi gyzgyn garşylamak bilen, taraplar birnäçe ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasyny...

DOWAMY
pic
25 Noý

“ARAL DEŇZI SEBITINDÄKI ÝURTLARA KÖMEK BERMEK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ TÄZE MAKSATNAMASYNY” IŞLÄP DÜZMEGIŇ ÇÄKLERINDÄKI DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda iki günlük Aşgabatda «Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň üçünji duşuşygy geçirilýär. Duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak» atly sebitleýin maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (CAREC) b...

DOWAMY
pic
25 Noý

AŞGABATDA DIN AZATLYGY MESELELERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanda din we din azatlygy meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler, Adalat ministrliklerinden, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan wekiller, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky dini meseleler boýunça bölüminiň hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň çäginde hereket edýän dürli konfessiýalardyr dini guramalaryň weki...

DOWAMY
pic
24 Noý

TÜRKMEN-EMIRLIKLER GATNAŞYKLARY HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA BERKIDILÝÄR

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bint Ibragim Al Haşiminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ministrler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara meseleleri babatda meňzeş nukdaýnazarlaryň hem-de başlangyçlaryň köptaraplaýyn görnüşlerde ikitarapla...

DOWAMY
pic
23 Noý

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 82-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we binýatlyk ýagy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we göni işlenen benzini satyn aldylar. Russiýadan, Birleş...

DOWAMY
pic
23 Noý

BAE-NIŇ DUBAÝ ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇDI

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Birleşen Arab Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow şeýle hem BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň, Dubaý şäherinde akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Öz çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň Birleşen Arab Emirliklerindäki Baş konsuly Y...

DOWAMY
pic
23 Noý

AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Rahmatow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp...

DOWAMY