SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EYR-NYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saýed Mohammed Ahmadi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki doganlyk ýurduň Prezidentleri tarapyndan durmuşa geçirilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösüşi bellen...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlary boýunça ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Taraplar şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň önjeýli işini ara aly...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen gitdi. Türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid bin Abdulaziz Al-Faleh bilen duşuşygy boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugurlarynyň biri ol hem energetika diplomatiýasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy...
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy köpçülikleýin sport çärelerine bagyşlap kiçi futbol ýaryşy geçirdi
2019-njy ýylyň 21-nji aprelinde Tbilisi şäheriniň Olimpiýa kompleksinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy her ýylda geçirilýän bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çärelerine bagyşlanan kiçi futbol boýunça ýaryşy geçirdi. Bu çärä Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar. Sport çäräniň başynda 2019-njy ýyly «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrylandygy bellen...
STAMBULDA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ ARASYNDA ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Stambulda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Şahym Abdyrahmanow, Azerbaýjana – Energetika ministri Parwiz Şahbazow we Türkiýä – Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni, dizel ýangyjyny, uçar kerosini, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Şeýle hem Gonkongdan, Owg...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.A.Guminskiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda myhman türkmen tarapyna myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şu ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ýurduň başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan t...